Derman senagatynyň önümleri

26 Mart 2024
216

Ýurdumyzyň çäginde 20-den gowrak bejeriş ähmiýetli çeşmeler bar. Şolaryň biri-de Berzeňňidäki çeşmedir. Onuň 1250 metr çuňlukdan özi akyp çykýan 1-nji guýusynyň düzüminde köpsanly peýdaly minerallary saklaýan suwy bardyr. «Berzeňňi» mineral suwunyň düzüminde azot, kükürtli wodorod gazy, sulfatlar, kalsiý, magniý, az mukdarda ýod, brom, sink, marganes ýaly mikrogoşundylar bar. Gidrogeohimiki nukdaýnazardan, bu mineral suw bejeriji-naharhana suwlar toparyna degişlidir.

«Berzeňňi» mineral suwuny iýmit siňdiriş agzalarynyň kesellerinde, dowamly gastritiň beterleşmedik döwründe, reflýuksezofagit motor we ewakuasiýa funksiýalarynyň bozulmagynda, aşgazan we onkibarmak içegäniň baş keseliniň gaýtgynynda, ýokanç däl gelip çykyşly dowamly kolitlerde we enterokolitlerde, içegäniň disfunksiýasynyň beterleşmedik ýagdaýy ýaly kesellerde ulanmak maslahat berilýär. Şeýle-de bu suw endokrin kesellerinde, süýjüli diabetde ulanylýar. «Berzeňňi» mineral suwuny urologiýa kesellerinde, dowamly böwrek ýetmezçiligi we azotemiýanyň ýeňil derejelerinde, dowamly piýelonefritiň gaýtgyn döwründe ulanmak peýdalydyr. Önümçilikde hil we mikrobiologiýa barlaglary amala aşyrylyp, arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine, ulanylýan suwuň, çig mallaryň, gaplamalaryň hiline yzygiderli gözegçilik edilýär.

Güljahan ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina himiýasy kafedrasynyň müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar