Saglyk — baş baýlyk

26 Mart 2024
382

Saglyk ähli döwürlerde hem jemgyýetçilik gymmatlygy bolupdyr. Adamlaryň durmuş bagtyýarlygy, ilkinji nobatda, olaryň saglygy bilen berk baglanyşyklydyr. Bu barada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anyň soltanydyr» diýýär. Şeýle hem halk aýtgylarynda bagtly bolmagyň on şertiniň dokuzysynyň beden saglygynyň berk bolmagy bilen baglydygy beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen durmuşa ornaşdyrylýan beýik işleriň ählisiniň özeninde halkymyzyň hal-ýagdaýyny, durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän maşgalalary döretmek, ýaş nesliň bilimli, jemgyýete peýdaly adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak baradaky asylly ýörelgeler bar.

Aýjemal GULMYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar