Suw we onuň adam bedenine täsiri

25 Mart 2024
286

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, ilaty we halk hojalygynyň pudaklaryny suw bilen bökdençsiz, ýeterlik mukdarda üpjün etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda suw babatda bitirilýän işler hut şu durmuş hakykatyndan gözbaş alýar. Netijede, halkymyzy arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek, ekerançylyk meýdanlarynda suwy tygşytly we netijeli ulanmak, suw üpjünçiligi ulgamynda täze döwrebap tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak barada alnyp barylýan işleriň gerimi ýylsaýyn giňeýär.

Suw gorlary ýurdumyzyň tebigy genji-hazynasynyň iň gymmatly bölegidir. Sebäbi suw halk hojalygynyň ähli pudaklary we ulgamlary üçin iňňän zerur serişdedir. Şeýle-de agyz suwy bilen üpjünçilik halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biridir. Ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi hasaplanýan suwuň bisarpa tutulmazlygy üçin özboluşly desgalary gurupdyrlar. Halk tebipçiliginde hem suwuň dürli görnüşlerinden ýerlikli peýdalanylyp, dertlere em edilipdir.

Baýramdurdy BAÝRAMDURDYÝEW,
Görogly etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň arassaçylyk-gigiýena bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar