Sagdynlyk — ruhubelentlik

20 Mart 2024
393

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramak ulgamy, keselleriň öňüni alyş, maşgala lukmançylygy döwlet tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Maşgala lukmançylygy ýörelgesiniň giňden ornaşdyrylmagy, mekdeplerde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda we bilim ojaklarynda, şeýle-de dürli ugurdaky edara-kärhanalarda möwsümleýin lukmançylyk barlaglarynyň geçirilmegi, ýokanç kesellere garşy öňüni alyş sanjymlarynyň ilata mugt edilmegi we bu keselleriň döremegine getirýän hadysalary aradan aýyrmakda degişli edaralaryň işiniň has işjeňleşdirilmegi birnäçe keselleriň soňuna çykylmagyna, beýlekileriň bolsa berk gözegçilikde saklanmagyna uly mümkinçilik döretdi. Keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň ýurdumyzda ýokary derejede alnyp barylmagynyň netijesinde, ýokanç keseller bilen keselçilik has peseldi.

Şemşat SAPARLYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 15-nji saglyk öýüniň baş lukmany.
Beýleki habarlar