Nesiller guwanjymyz

20 Mart 2024
375

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýär. Bu ýörelgeler hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, aýratyn-da, eneleriň saglygynyň degişli derejede saklanmagy ugrunda zerur tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, eneleriň saglygynyň berkidilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, sagdyn ene bolmasa, sagdyn çaganyň bolmajakdygyny belleýär.

Ýurdumyzda hereket edýän Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezlerinde hem çaganyň saglygyny goramakda möhüm işler alnyp barylýar. Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak we goldamak barada amala aşyrylýan işler uly netijesini berýär. Bu ugurda Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy, Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy, «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn gelejek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýasy boýunça halkara guramalar bilen netijeli işler alnyp barylýar.

Gunçagül GARAMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň assistenti.
Beýleki habarlar