Suwda ýüzmegiň peýdasy

14 Mart 2024
536

Suwda ýüzmek bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň özboluşly görnüşidir. Suwda ýüzmegiň aýratynlyklary suw gurşawynda fiziki işjeňlik bilen baglanyşyklydyr. Bu ýagdaýda adam bedenine, bir tarapdan, fiziki maşklar, beýleki tarapdan, suw gurşawy oňaýly täsir edýär.

Suwda ýüzülýän wagty suwuň dykyzlygynyň howanyň dykyzlygyndan 769 esse ýokarydygy sebäpli, bu ýagdaý adama rahat halda  bolmaga mümkinçilik berýär. Suwuň ýokary ýylylyk geçirijiligi bar, hatda ýeňil fiziki işjeňlikde ýerine ýetirilende, bedenden energiýa sarp edilmegini talap edýär.

Kuwwatmyrat GAÝYPOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.
Beýleki habarlar