Ýanyk ýarasyna ilkinji kömek

11 Mart 2024
431

Gynansak-da, kä halatda tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň doly berjaý edilmeýänligi zerarly ýalnyň, gyzgyn buguň, ýanyjy we aşa gyzgyn suwuk maddalaryň täsiri netijesinde adamlaryň tenine şikes ýetýär. Teni ýanyp, şikes alan adamyň ykbaly, oňa tiz we dogry berlen kömege bagly bolýar. Käte tenine şikes ýeten adamyň ýarasyna mal ýa-da ösümlik ýagyny çalmak, kartoşka ununy ýa-da külkeleri sepmek ýaly nädogry hereketler edilýär. Olar ýaranyň agyrysynyň azalmagyna ýa-da bitmegine ýardam etmän, eýsem, ýaranyň içki gatlagyna zyýanly mikroblaryň aralaşmagyna getirýär. Bu bolsa lukmanyň işlerini hem kynlaşdyrýar.

Eşigine ot düşüp, tenine şikes ýetip ugran adamlar gorka düşüp, ylgamaly däldir. Teni ýanyp duran adamyň ör-boýuna galyp durmagy onuň bedenine köp sanly şikes ýetmegine sebäp bolýar. Şoňa görä-de eşigine ot düşen adam dessine ýüzin ýatyp, eşigine suw ýa-da gum sepip, ony mümkingadar çalt çykaryp, aýyrjak bolmalydyr. Eşigine ot düşen ýa-da bedeni ýanan adamy howply ýerden seresaplylyk bilen çykarmak gerek. Onuň eşiginiň ot alan ýerlerini dessine söndürmeli. Adamyň eşiginiň onuň tenine ýelmeşen galyndylaryny ýaranyň ýüzünden sypyryp aýyrmaly däl. Teniň ýanan ýerlerine el degirmek we gabarçaklary deşmek ejir çekýäniň ýagdaýyny kynlaşdyrýar.

Ýazmuhammet AKMEDOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar