Milli mirasy öwrenmek — şu günüň we geljegiň derwaýys wezipesi

11 Mart 2024
440

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlaryny ähli ugurlarda mynasyp dowam etdirýär. «Biz milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdireris» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli mirasyny, taryhy şahsyýetlerimiziň geçen şöhratly ýollaryny ýaş nesle öwretmegi ündeýär. Häzirki döwürde baý mirasymyzy çuňňur öwrenmäge, ony geljekki nesiller üçin aýawly saklamaga giň ýol açyldy.

Taryhy maglumatlara görä, türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri ylmyň ojagy hökmünde mälim bolupdyr. Bäş müň ýyl taryhy bolan türkmen halkynyň geçmişinde ruhy hem maddy gymmatlyklary miras galdyran ägirt şahsyýetler sanardan köp.

Nargözel MYRATNAZAROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory, lukmançylyk ylymlarynyň doktory.
Beýleki habarlar