Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek

6 Mart 2024
385

Arkadag şäherindäki dünýä ülňülerine laýyk gelýän desgalarda ilatyň saglygy üçin ähli mümkinçilikler göz öňüne tutulandyr. Şolaryň biri-de Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezidir.

Kliniki bölümleriň 12-sinden we kömekçi bölümleriň 8-sinden ybarat bolan bu merkezde eneleriň hem-de çagalaryň saglygyna gözegçilik etmek, gorap saklamak we dikeltmek üçin ähli şertler bar. Merkeziň operasion, maslahat beriş, funksional anyklaýyş, şöhle bilen anyklaýyş, barlaghana, fizioterapiýa, nesil saglygy ýaly bölümleri dünýäniň iň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendir. Käbir lukmançylyk enjamlarynyň ýurdumyzda ilkinji gezek bu merkezde ornaşdyrylandygyny we häzirki wagtda olaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, ilata hyzmat edilýändigini aýratyn nygtamak gerek.

Laçyn MYRADOWA,
Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň direktorynyň orunbasary.
Beýleki habarlar