Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet

6 Mart 2024
292

Raýatlaryň beden taýdan goraglylygyny üpjün etmek üçin ýurdumyzda köpçülikleýin wagyz-nesihat duşuşyklary, öňüni alyş çäreleri guralýar, azyk howpsuzlygyny ýola goýmak ugrunda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ata Watanymyzyň halkara guramalarynyň birnäçe güwänamalaryna we sertifikatlaryna mynasyp bolmagy muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri bilen saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge we berkitmäge aýratyn ähmiýet bermek bilen, özara işjeň, netijeli, maksatnamalaýyn hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Eziz Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramaga, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga hem-de jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasaty işjeň durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň binýadyny berkitmek hem-de raýatlaryň bu ulgamyň çygryndaky hukuklaryny kepillendirmek boýunça esasy döwlet resminamasy bolan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi esasynda ulgamyň mümkinçilikleri has-da artýar. Döwrebap özgertmeler, gazanylýan ösüşler oňyn netijelerini berýär. Täze lukmançylyk edaralary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy döredilýär. Alnyp barylýan işleriň hatarynda döwrebap hassahanalaryň, anyklaýyş merkezleriniň, saglygy goraýyş edaralarynyň halka hyzmat etmegi babatdaky döredilýän mümkinçilikler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Döwrebap lukmançylyk enjamlary, barlaghanalar we beýleki zerur bolan tehnikalar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş edaralary keselleri wagtynda anyklamakda, bejeriş-öňüni alyş işlerini amala aşyrmakda, amaly, ylmy-barlag hem-de tejribe-önümçilik wezipelerini çözmekde öňdebaryjy usullary peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Aşgabat şäherinde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşyklaryna badalga berildi. Munuň özi Diýarymyzda raýatlaryň saglygynyň goralmagyna berilýän ägirt uly ünsüň nobatdaky subutnamasydyr.

Amanmyrat GOÇMYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň patologik anatomiýa kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar