Saglyk ― bahasyz baýlyk

6 Mart 2024
424

Ýakynda Saýat etrabyndaky Syýadagsakar geňeşliginde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti bilen beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Durmuşyň saglyk serpaýy» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesillerimizi milli ýol ýörelgelerimize esaslanyp terbiýelemek, olaryň sagdyn-durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak maksady bilen, geçirilen duşuşyga geňeşligiň işgärleri, oba ýaşaýjylary we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdy.

Duşuşykda ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek barada hem-de ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň arasynda şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň wajyp meseledigi bellenildi. Bu ýere ýygnananlar halkymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Tawus HAÝDAROWA,
TDP-niň Saýat etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.
Beýleki habarlar