Allergiýanyň öňüni almak

2 Mart 2024
599

Ýerli ýa-da umumy allergik täsirler deriniň gijemegine getirip bilýär. Birinji ýagdaýda deriniň allergen (allergiýa döredýän önüm) bilen galtaşýan ýeri gijeýär. Adatça, onuň daşky görnüşi üýtgäp, gyzarmagy, sypyrylmagy, tozgalanmagy, suwjarmagy, örgün örmegi mümkin. Ýerli allergiýanyň käbir görnüşinde deriniň gijeýän we örgün ören ýeri allergeniň suduryny gaýtalap bilýär. Meselem, demre allergiýasy bolan adamda garyn töwereginde örgün ören ýeri kemeriň demir tokasynyň galdyran yzyna meňzeýär. Aglaba ýagdaýda gijemeden başga-da, köp sanly alamatlar ýüze çykýar: burun dykylýar, göz ýaşarýar, gyzarýar, deriniň dürli ýerine örgün örýär, dem almak kynlaşýar. Syrkaw asgyrýar, üsgürýär.

Ýokary duýgurlykly jogap täsirini döredýän allergeniň öz wagtynda ýüze çykarylyp, galtaşykdan aýrylmagy allergiýanyň bejergisinde uly ähmiýete eýedir. Bu kesel gaýra goýulman bejerilmedik halatynda wagtyň geçmegi bilen bronhial astmanyň, polinozyň, allergik rinitiň, iteşeniň (krapiwnisa), dermatitiň, kwinke çişiniň, derman we iýmit allergiýasynyň döremegi mümkin. Bedeniň 20-ä golaý allergene jogap täsirini ýüze çykarýan deri synagy ýönekeý usulda geçirilýär. Has takygy, ösümlik tozgajyklaryndan taýýarlanan ergin bedeniň sypjyrylan ýerine ýapylýar. Eger şol allergenleriň haýsy-da birine ýa-da birnäçesine allergiýa bar bolsa, onda deri gyzarýar, çişýär, gijeýär. Diňe bir uly ýaşly adamlarda däl, çagalarda, hatda bäbeklerde-de allergik täsirleri irki döwründe anyklamaga mümkinçilik berýän bu barlag usullary allergiýany öz wagtynda ýüze çykaryp bejermek arkaly mümkin bolan gaýra üzülmeleriň öňüni almaga ýardam edýär.

Maýagül GARAJAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 16-njy saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy.
Beýleki habarlar