Bedew münen sag bolar

1 Mart 2024
205

Gadymy grek akyldary Gippokrat: «At münüň, eziz watandaşlar, at ýaly sagdyn bolarsyňyz!» diýipdir. Şundan görnüşi ýaly, atly gezelenç etmegiň saglyga oňyn täsir edýändigi adamlara ir döwürlerden mälimdir. «At münmek arkaly bejeriş, bejeriji atly ýöriş» diýen manylary aňladýan ippoterapiýanyň keselden soň saglygy dikeltmekde hem-de köp keselleri bejermekde örän netijelidigi ykrar edilen hakykatdyr.

Gippokrat at münmäge, çapmaga bedeniňi kadalaşdyrýan, immuniteti pugtalandyrýan, ýaşaýyş güýjüni beýgeldýän maşklaryň biri hökmünde baha beripdir. At münmegiň, ilkinji nobatda, oňurga gyşarmalarynda, hereket sazlaşygynyň bozulmalarynda üstünlikli ulanylýandygyny bellemelidiris. At münmek ýürek-damar, aşgazan-içege näsazlyklary, daýanç-hereket ulgamynyň keselleri we şikesleri, polimielit, prostatit, osteohondroz, skolioz, newroz ýaly sökellikleriň öňüni almakda örän peýdalydyr. Şeýle-de, ol horlanmaga, göwräni dik tutmaga, syratly bolmaga, özüňi arkaýyn duýmaga, işjeň, ünsli bolmaga, gaharjaňlykdan saplanmaga ýardam berýär.

Ahmet BAÝRAMGELDIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar