Il saglygy — ýurt baýlygy

28 Fewral 2024
325

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamy döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşyndaky iň möhüm ugurlaryň biri hasaplanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ilatyň saglygyny goramakda bu ulgamyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Işleriň netijeli guralmagynda strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnamanyň netijesinde, soňky ýyllarda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy dünýä ölçegleriniň derejesine çykaryldy. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň diňe 2023-nji ýylyň özünde ýöriteleşdirilen lukmançylyk desgalarynyň 3-sini — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini, Stomatologiýa merkezini we Halkara pediatriýa merkezini gurmak barada Kararlara gol çekmegi hem aýdyň subut edýär. Häzirki zaman, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilýän bejeriş-anyklaýyş, ylmy-kliniki merkezleriniň sanynyň artmagy, galyberse-de, ugurdaş düzümleriň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde halkymyza hödürlenýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleriniň köpelmegi, täze bejeriş usullarynyň ornaşdyrylmagy, hassalara dünýä lukmançylygynyň gazananlarynyň ähli hyzmatlarynyň diýen ýaly hödürlenilmegi biziň döwletimizde il saglygynyň ýurt baýlygyna deňelýändiginiň güwäsidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen, ştab-kwartirasy Arkadag şäheriniň çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň edara binasynda ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy aýratyn durmuş goldawyna mätäç bolan ýaş raýatlarymyz baradaky aladany baş maksat edinip, asylly işleri amala aşyrýar. Bu gaznanyň hasabyna ýurdumyzyň ähli künjegindäki hassahanalarda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş türkmenistanlylaryň bejergi işleriniň çykdajylaryny tölemek we olara saglygy goraýyş maksatly zerur serişdeleri satyn almak üçin pul serişdeleri yzygiderli bölünip berilýär. Gaznanyň hasabyna ýurdumyzyň welaýatlaryndaky hassahanalaryň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglary berildi. Türkiýe Respublikasynyň, Owganystanyň ýertitreme, Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň suw almagy zerarly ejir çeken çagalara, Ukrainanyň we Palestinanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömegi iberildi.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar