Ykballynyň başlan işi oň bolar

28 Fewral 2024
417

Mundan bir hepde ozal türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi, sözüň doly manysynda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky ösüşli gadamlarymyzyň täze ädimine öwrüldi. Ajaýyp döwrümizi esaslandyryjy Gahryman Arkadagymyz mejlisde il-günümiziň abadan we bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen oňyn başlangyçlaryň birnäçesini orta atdy.

Mejlisiň esasy aýratynlygy «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleri we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýylyň dowamynda ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşylmagydyr.

Türkmen gündogary
Beýleki habarlar