Hak ýalkawly beýik döwlet

1 Mart 2024
345

Ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda edilýän aladalar biziň her birimiziň ýüregimizde aýratyn orun eýeleýär. Döwletimizde bolup geçýän her bir taryhy wakanyň diňe bir synçysy bolmak däl-de, şol wakalaryň içinde bolup, onuň täsirini duýmak has-da ýakymly, has-da buýsandyryjy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi Watanymyzy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmekde göz öňünde tutulan işleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmakda möhüm wakalaryň biri bolup, serimize doldy.

«Türkmen halky — nusgawy ösüş ýoluny emele getiren, beýik şahsyýetleri dünýä beren halk» diýip, Gahryman Arkadagymyz juda jaýdar belledi. Bu jümleler diňe bir geçmiş taryhymyzyň şöhratly sahypalarynda yz goýan şahsyýetlerimize degişli bolman, eýsem, täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri bilen hem berk baglanyşyklydyr. Döwlet başyna geçen gününden: «Döwlet adam üçindir!» diýen belent şygary öňe süren Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde hem çuň many-mazmunly, maksatnamalaýyn çykyş edip, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça öňümizde durýan möhüm wezipeler bilen baglylykda gymmatly maslahatlaryny berdi. Bu resminamada öňde goýlan wezipelerden we maksatlardan gelip çykýan aýratynlyklar barada birin-birin belläp geçdi.

Muhammetmyrat BÄŞGULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.
Beýleki habarlar