Hozuň haýry kän

28 Fewral 2024
433

Hoz ynsan saglygy üçin iň peýdaly tebigy önümleriň biridir. Adatça, hoz agajynyň bir düýbi ýylda, ortaça, 8 —10 kilograma çenli hasyl berip, hasyllylygy ýylsaýyn artýar. Hoz agajy 20 — 40 ýaş aralygynda hasyl berijiligiň iň ýokary güýjüne eýe bolýar we bir asyrdan gowrak wagt ýaşap bilýär. Hozuň ýapraklarynda, gabygynda we dänelerinde saklanýan ýuglon tebigy boýagdyr. Ondan gaýnadylyp alynýan serişde saçlara we matalara sarymtyl-gyzyl we goňur reňk bermekde köp ýyllardan bäri ulanylýar.

Hoz ýeralmadan ýedi esse ýokumlydyr. Her gün azyndan bir sany hozy iýmek ateroskleroz keseliniň döremek ähtimallygyny ep-esli azaldýar. Mundan başga-da hoz antioksidantlara, garramagy haýalladýan C we E ýokumlaryna, ýady gowulandyrýan we ünslüligi ýokarlandyrýan ýag kislotasyna baýdyr. Düzümindäki demir, sink, ýod we magniý ýaly peýdaly elementler hozuň peýdaly häsiýetlerini has hem artdyrýar we degna dartgynlylygyny gowşadýar. Bal bilen garylan hozy iýmek güýçli bolmadyk kellagyrydan saplanmaga kömek edýär. Deriniň ýaş, gözel görünmegi üçin hoz iýmek peýdalydyr. Şeýle-de onuň ýagy kosmetika önümçiliginde giňden ulanylýar.

Saida HUDAÝBERGENOWA,
Çärjew etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar