Owadanlygam gerek welin...

21 Fewral 2024
567

Aglaba gelin-gyzlar aýakgaplaryň oňaýlylaryny, rahat we ynjalykly ýöremäge, özüňi rahat duýmaga mümkinçilik berýänlerini däl-de, aýakda owadan görünýänlerini, köýnekleriniň reňkine kybapdaşlaryny we boýuny uzyn görkezýänlerini saýlaýarlar. Gözellik hem gerek welin, aýakgap edineniňde, öz saglygyň barada hem oýlanmaly.

Aýakgap gadym döwürlerden bäri türkmen halkynyň milli egin-eşiginiň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Aýal köwüşleriniň reňki, bezegi ýiti hem doýgun bolupdyr. Nagyş bilen bezelen aýakgap ynsanyň ýaşaýyş döwrüniň edim-gylymlaryna degişlidir. Owaldan bäri aýakgabyň esasy özüne çekijiligi onuň görnüşine we reňkine bagly bolupdyr. Köwüşleriň görnüşi diňe bir dabany we ökjesi bilen däl-de, eýsem, inçe burunly ýa-da ýasy burunly diýen ýaly, burunlarynyň gurluşy bilen hem tapawutlanypdyr. XIX asyrda türkmen gelin-gyzlary beýik ökjeli, apgyrdy bolmadyk, dabany ökje tarapyna galňap gidýän, owadan gön köwüşlerine isleg bildiripdirler. Toý-baýramlarda aýal-gyzlar gönden tikilen, reňkli deriniň bölejiklerinden nagyşlanan mesi geýipdirler. Şol döwürde oba ilatynyň uludan-kiçä söýgüli aýakgaby bolan rezin galoşlar häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň däp bolan toý lybaslarynda möhüm orny eýeleýär. Olary el keşdeleri bilen nagyşlanan matalar, jaňjagazlar bilen bezeýärler. Häzirki döwürde-de türkmen gelin-gyzlary ökjeli köwüşleri geýmegi halaýarlar. Dürli reňkli, ýalpyldysy gözüňi gamaşdyrýan gaşlar, sadap düwmejikler, halkajyklar, ýüpjagazlar bilen bezelen ýiti ýa-da togalak uçly, belent ýa-da pes ökjeli köwüşler ähli gelin-gyzlaryň arzuwy.

Abadan BERDIÝEWA,
TSG WE DSM-niň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar