Saglyk — başymyzyň täji

31 Oktýabr 2023
463

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, ildeşlerimiziň sagdyn durmuşda, bagtyýarlykda, ruhubelentlikde ýaşamagyny gazanmak babatynda uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary» atly düýpli ylmy işinde, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda, «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly ylmy-publisistik eserlerinde, «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitabynda we beýleki eserlerinde bu ugurda durmuşa geçirilýän işler özüniň anyk beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň eserlerinde güneşli Diýarymyzdaky şypahanalaryň ähmiýetine we sagaldyş-dikeldiş mümkinçiliklerine aýratyn üns berilýär. Bizi aýratyn begendirýän zatlaryň biri-de, Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly kitaplarynda welaýatymyzdaky «Arçman», «Ýyly suw», «Bagabat» şypahanalary barada hem täsirli maglumatlary getirýändigidir hem-de olarda ildeşlerimiziň saglygyny berkitmegi üçin döwrebap şertleri döretmek ugrunda yzygiderli alada edýändigidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri üstümizdäki şanly ýylda halkymyza sowgat eden «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň «Hakydada orun alan pursatlar» diýlip atlandyran bölüminde «Arçman» şypahanasy baradaky ýatlamalaryny getirýär. Şol ajaýyp kitaby okanymyzda, «Arçman» şypahanasynyň täze taryhynyň Gahryman Arkadagymyzyň ady we amala aşyrýan beýik işleri bilen baglanyşyklydygyna anyk göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinde işlän döwründe «Arçman» şypahanasynyň binasyny gurmak, onuň mineral suwly çeşmesiniň kadaly ýagdaýda akmagy ugrunda bimöçber köp tagalla edýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde geçen ýyllarda dag eteginiň gözel künjeginde ýerleşýän bu şypahananyň häzirkizaman kämil enjamlar bilen üpjün edilen 420 orunlyk täze binasy guruldy, ozaldan hereket edýän bäş gatly binalarynyň ikisiniň durky döwrebaplaşdyryldy.

Ogulsabyr ALOWOWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar