Işeňňir sarwanlaryň jemlenen ýerinde

31 Oktýabr 2023
365

Adamlaryň jan saglygyny berkitmekde, birnäçe keselleriň öňüni almakda, teşneligi gandyrmakda özboluşly tapylgysyzlygy bilen türkmen halkynyň iň bir gowy görýän malyna öwrülen düýe malynyň baş sanyny artdyrmakda hususy, ýöriteleşdirilen maldarçylyk hojalyklarynda-da döwrebap işler alnyp barylýar. Netijede, düýeleriň sany ýurdumyzda ýylsaýyn artýar. Düýe malynyň baş sanyny artdyrmakda, ondan alynýan önümleriň mukdaryny köpeltmekde jemgyýetçilik mallarynyň ýylyň dört paslynda-da orta we ýokary semizlikde bolmagyny gazanmakda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky «Sakarçäge» maldarçylyk hojalygynyň zähmetsöýer işgärleri hem öwgä mynasyp işleri bitirýärler. Şu günki günde 3 müň 72 sany düýesi bolan bu hojalykda çopan toparlarynyň 22-si düýeleriň sagdyn bolmagy, olaryň ýylyň ähli paslynda-da orta we ýokary semizlikde bakylmagy üçin bar bolan mümkinçilikleriň ählisinden peýdalanýarlar.

Düýeler «Şyhmansur», «Galandar», «Döwran» ýaly ýokumly ot-çöplere baý ýaýlalarda ata-babalardan gelýän ýörelgelere, ylmy esasda anyklanan tejribelere laýyklykda bakylyp, jemgyýetçilik mallarynyň guratlygyny gazanýarlar. Elbetde, çopan toparlarynda zähmet çekýän maldarlaryň hemmesi hem mal bakmakda tejribe toplan adamlar. Olaryň arasynda has tapawutlanýan sarwanlar barada söhbet açylsa, onda bu ýerde düýe çopanlary – doganlar Dörtguludyr Döwran Baýramowlaryň, Agamyrat Tuwakmyradowyň, Mülkaman Pirliýewiň, ýaş sarwanlaryň içinden işe ezberligi bilen tapawutlanyp, tejribeli, işine has ökdelän halypa çopanlaryň hataryna goşulyp barýan Eşret Jumanýazowyň atlaryny ilkinjileriň hatarynda tutup, olaryň has yhlasly işleýändiklerini hem aýtmak gerek.

Allaberdi SAPARGELDIÝEW,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar