Turşuja

31 Oktýabr 2023
329

Turşuja ynsan saglygy üçin peýdaly ösümlikdir. Ol ylmy çeşmelerde «şawel» ady bilen bellidir. Bu ösümligiň ylymda 200-den gowrak görnüşi hasaba alnypdyr. Turşuja greçihalar maşgalasyna degişli bolan gök ekin. Janly tebigatda baldagy dik we köp şahaly iri ýaprakly görnüşleri hem duş gelýär. Ösüş döwri birýyllyk ýa-da köpýyllyk ösümlik hasaplanýar. Ýaprak baldaklary göni, ýöne ýumşak bolýar. Ýapraklary orta ululykda, süýrgült tegelek görnüşli bolup, uzynlygy 12 – 15 santimetre, ini 6 – 8 santimetre deňdir. Turşuja açyk meýdanda ösdürilip ýetişdirilende toýun we toýunsow topraklar saýlanyp alynýar. Aýratyn hem çüýrüntgä baý, aşgarlygy pes bolan topraklarda gowy ösüp ýetişýär. Topragyň çyglylygy ýokary bolanda ol +5 - +20 dereje maýyl howada gowy gögerýär.

Howanyň ýylylygy has ýokarlansa, ýapraklaryndan suw ýitip başlaýar we gatap başlaýar. Şonuň üçin turşuja ekinini Gün şöhlesiniň dik düşýän ýerine ekmek maslahat berilmeýär. Bu ösümligi ýarym saýaly meýdanlarda ösdürip ýetişdirmeli. Ony bir ýerde 5 ýyla çenli ösdürip ýetişdirip bolýar. Turşuja ösüp başlandan tä ýygyma çenli oňa 45 gün gerek. Gyşa durnukly, hasyllylygy gektardan 21 – 85 tonna bolup, gök topbak we ýaprak baldaklaryny berýär. Bu ekini bir ýylyň dowamynda birnäçe gezek ösdürip ýetişdirip bolýar.

Maýa HAJYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar