Işjeň hem başarjaň zenanlar bäsleşdiler

30 Oktýabr 2023
328

Welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkanabat şäher geňeşi bilen bilelikde geçiren bäsleşigi «Elimden çykan egnime ýarar» diýlip atlandyryldy.  Zenanlarymyzyň başarnygyny we ukybyny ýüze çykarmak, häzirki zaman jemgyýetinde olaryň ornuny, halkymyzyň ruhy-medeni we durmuş-ykdysady ösüşine goşýan saldamly goşandyny açyp görkezmek  maksady bilen geçirilen bäsleşige saglygy goraýyş ulgamynda işleýän gelin-gyzlar gatnaşdylar. Olaryň  el hünärini  kämilleşdirmekde  alyp barýan işleri baradaky çykyşlary, beýan eden iş we durmuş pursatlary, ýerine ýetiren aýdymlary, tanslary, degişme sahnalary örän täsirli boldy. Netijede, welaýat inçekesel hassahanasynyň topary birinji, Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýüniň topary ikinji, welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň topary üçünji orunlara mynasyp boldular.

Ýeňijilere ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Akbäbek Satlykowa,
“Balkan”.
Beýleki habarlar