Sagdynlygyň gözbaşy

29 Oktýabr 2023
527

Güýz paslynda sowuklama ýa-da «ýiti respirator keselleri» diýlip atlandyrylýan kesel howanyň sowamagy we çygly bolmagy bilen has köp duş gelýär. Onuň döremegine pasyl çalşygy, howanyň sowamagy, keseliň ýeňil derejelerini aýak üstünde geçirip, köpçülikde ýygy-ýygydan bolmak, howanyň sowuklygyna garamazdan ýeňil geýinmek we şuňa meňzeş ýagdaýlar sebäp bolýar. Ýiti respirator keselleri wiruslar tarapyndan döreýär. Ol esasan hem ululara garanyňda çagalara has çalt ýokuşyp, olaryň möwsümde ýygy-ýygydan keselleýändikleri mälimdir. Bu bolsa çagalaryň immunitet ulgamynyň kämilleşmändigi bilen düşündirilýär.

Näsagyň bedeniniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, gözüniň gyzarmagy, ýaşarmagy, dem almagynyň kynlaşmagy ýa-da burnundan suwuklygyň akmagy, asgyrmak, üsgürmek, kellagyry, gowşaklyk, ysgynsyzlyk, işdäsiniň peselmegi ýaly alamatlar peýda bolýar. Bokurdagyň we burnuň nemli bardasynyň gyzarmagy, çişmegi, ýuwdunanyňda bokurdagyň agyrmagy ýüze çykýar. Muňa garamazdan, olaryň hersiniň özüne mahsus bolýan alamatlary bar. Ýiti respirator keselinden goranmagyň kadalaryny berjaý etmek wajypdyr. Öýleriň penjirelerini açyp, howasyny çalşyp durmak, elleri ýygy-ýygydan ýyly suw bilen sabynlap ýuwmak, otagyň içinde üzärlik tütetmek maslahat berilýär.Şeýle hem limonly, bal garylan çaý, miweleriň şireleri, mineral suwlar, itburun, zirk, çopantelpek ýaly dermanlyk otlaryň melhemliklerini demlenip içmek peýdalydyr.

Jeren JUMMAÝEWA,
Arkadag şäheriniň saglyk öýüniň baş lukmanynyň orunbasary.
Beýleki habarlar