Kişmiş — datly iýmit

28 Oktýabr 2023
495

Ata-babalarymyz has irki döwürlerde hem kişmişiň dermanlyk häsiýetiniň bardygyny bilipdirler. Ol halk lukmançylygynda giňden ulanylypdyr. Bilermenleriň bellemegine görä, kişmişde peýdaly mikroelementler adaty üzümiňkiden 30 — 40 göterim köpdür. Kişmişiň dürli hili görnüşleri bar. Olardan dört görnüşi has ýörgünlidir. Biziň ýurdumyzda onuň gara we sary reňkli görnüşleri köpdür. Bu iýmitiň dermanlyk häsiýetleri hakynda köp zatlary aýtmak bolar. Birinjiden, bedeniň dürli kesellere garşy göreşmek ukybyny artdyrýandygyny, rahatlandyryjy serişdedigini bellemeli. Galyberse-de, onuň ganazlykdan ejir çekýänlere, aşgazan kesellerine uçranlara emdigini halk lukmançylygynyň tejribeleri tassyklaýar. Kişmişiň düzüminde protein we ýaglar bolup, ol süňňüň kuwwatyny artdyrýar. Agyr zähmet, sport bilen meşgullanýanlar üçin kişmiş has peýdalydyr. Türgenlere kişmişi bal bilen garyp iýmek maslahat berilýär. Onuň düzüminde B ýokumy, demir, magniý, bor, köp mukdarda fruktoza we glýukoza bar.

Lukmanlar semizlikden kösenýänlere, agramyny azaltmak üçin horlanýan türgenlere kişmiş iýmegi ündeýär. Sebäbi onuň düzümindäki B ýokumy ganyň durlanmagyna oňat täsir edýär. Çagalara kişmişi süýjiniň deregine bermek hem bolýar. Ol körpeler üçin emeli süýjülerden has peýdalydyr. Bu ýokumly iýmit adamy sowuklamadan, üsgülewükden, ýürek agyrysyndan hem goraýar.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar