Dogry iýmitlenmek – üstünlige tarap ädim

27 Oktýabr 2023
299

Mälim bolşy ýaly, sportda ýokary netijeleriň gazanylmagy, esasan, iki şerte – irginsiz türgenleşiklere we dogry iýmitlenmege baglydyr. Şeýle hem türgen üçin meşgullanýan görnüşine baglylykda, kesgitli iýmitleri iýmegiň has gowy netijeleri gazanmaga kömek edýändigini ýatdan çykarmaly däl.

Myşsalaryny ösdürmek isleýän türgenler üçin proteinlere we ýeňil özleşdirilýän uglewodlara baý önümler, ýagny, et önümleri bilen iýmitlenmek peýdalydyr. Çydamlylygyny artdyrmak isleýänlere çylşyrymly we haýal özleşdirilýän uglewodlar zerurdyr. Beloklara, B3, B12 we PP witaminlerine, fosfor, magniý ýaly maddalara baý bolan towugyň ýa-da hindi guşunyň döşi pauerlifting, basketbol, ýeňil atletika ýaly görnüşler bilen meşgullanýanlaryň berhizinde hökman bolmalydyr. Sygryň we towugyň eti hem beloklara, B toparyna degişli witaminlere, demir, kalsiý, kaliý elementlerine, dürli görnüşli aminoturşylyklara baýdyr. Şeýle önümleri iýmek agyr atletika, boks, gimnastika we suwda ýüzmek ýaly görnüşler bilen meşgullanýanlara peýdalydyr. B toparyna degişli witaminlere, beloga, retinol, kaliý, kalsiý ýaly maddalary özünde jemleýän balyk eti sportuň oýun görnüşleri we ylgaw bilen meşgullanýanlara zerur önümdir.

Ogulşat MUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar