Gymmatly gollanma

27 Oktýabr 2023
385

Eziz Diýarymyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Tutuş ýurdumyz boýunça saglygy goraýyş edaralarynyň döwrebap düzümi kemala getirildi. Ilatyň saglygyny pugtalandyrmak, innowasion usullar bilen keselleriň öňüni almak, olary anyklamak we bejermek hem-de adamyň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Golaýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XV jildiniň çapdan çykmagy hem ählimiz üçin şatlykly waka boldy.

Ýokary çap usulynda neşir edilen kitabyň sahypalarynda jemi 119, şol sanda 29 sany endemik, ýagny diňe Türkmenistanyň çäginde duşýan dermanlyk ösümliklere degişli häsiýetnamalardyr maglumatnamalar berilýär. Olaryň degişli dermanlyk ösümlikleriň fotosuratlary bilen utgaşykly beýan edilmegi bolsa ylmy eseriň okyjylar üçin düşnükliligini we ähmiýetini has-da artdyrýar. Neşirde dermanlyk ösümlikleri lukmançylyk ylmynda, halk tebipçiliginde ulanmagyň mümkinçilikleri-de giňişleýin beýan edilýär. Kitaby okan her bir okyjy ondan dermanlyk ösümlikleriň biologik we himiki aýratynlyklary, tebigy gory, dermanlyk çig maly, dürli keselleri bejermek üçin otlardan, ösümlikleriň köklerinden, miwelerinden melhemleri, derman serişdelerini taýýarlamagyň, olary ulanmagyň usullary baradaky anyk maglumatlary öwrenip bilýär.

Beýleki habarlar