Suwuň peýdasy

27 Oktýabr 2023
513

Ýaşaýyş we sagdynlyk üçin suwuň örän uly peýdasy bardyr. Arassa suw adamlar, jandarlar hem-de ösümlikler üçin zerurdyr. Şonuň üçin hem suwy dirilik çeşmesine deňeýärler. Suw iýmitiň özleşmegine ýardam berýär. Şeýle hem aşgazan ulgamynda bolup geçýän himiki özgerişlere gatnaşýar, bedeniň gyzgynyny sazlamaga täsir edýär. Ylymda suw bilen baglanyşykly ençeme işler edildi, onuň düzümi we peýdasy, durmuşdaky orny barada alymlaryň işlerinde duş gelinýär. Durmuşda suw içmegi endik etmek zerurdyr. Iň esasy bolsa, käte ajygan mahalymyzda hem, suw içmegi ýola goýmak maslahat berilýär. Munuň özi agşamlyk naharyny agyr iýmekden halas edýär. Sebäbi suw adamy dok halda saklamaga ukyplydyr. Ol adamyň derisini hem çyglandyrýar. Şeýle hem ol bedeniň tebigy süzüjisi bolan böwrekleriň has netijeli we sazlaşykly işlemegi üçin zerur. Suw kadaly, oýlanyşykly içilende, bedenden gerekmejek galyndylary ýa-da zäherli maddalary çykarýar.

Suw bogunlaryň tebigy çalgysydyr, çünki ol bolmasa, bedende damarlaryň çekmegine, agyrynyň peýda bolmagyna getirýär. Suwuň düzümine kalsiý, magniý, natriý, kaliý ýaly maddalar girýär. Şonuň üçin hem suw ýürek myşsalarynyň işjeňligini, nerw geçirijiligini artdyrýar. Kalsiý süňkleri we dişleri berkidýär, magniý bolsa myşsalaryň we nerw dartgynlylygynyň gowşamagyna ýardam edýär. Elbetde, mineral suw bu maddalara örän baýdyr. Lukmanlaryň maslahat bermegine görä, günüň dowamynda iki ýa-da üç litr suw içmeli. 

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy.
Beýleki habarlar