Nar miwesi

27 Oktýabr 2023
611

Güýz möwsüminde, gyş aýlarynda saçaklarymyzy bezeýän gök önümler, süýjüden-süýji datly miweler az däl. Şolardan biri hem nardyr. Nar agajy ýurdumyzyň ähli ýerinde duş gelip, gül açýan gyrymsy agaçlara degişlidir. Nar uzak wagtda ýetişýän miwe bolup, ol tomusdan güýze çenli gülleýär we güýz aýlarynda miwesi ýetişýär. Agaç hemişe diýen ýaly miwelerden doly, sebäbi ol 120 — 160 günde doly hasyl berýär. Adaty nar miwesiniň diametri 10 — 15 sm bolup, däneleriniň sany 700-e çenli bolýar.

Naryň tagamy süýji, turşy bolup, onuň düzüminde köp mukdarda C witamininiň bardygyny hemmeler bilýär, şeýle hem A, B witaminler, kaliý, 15 görnüşli aminokislotalar bolup, olar adam bedeni üçin örän zerurdyr. Naryň miwesiniň we gabygynyň dermanlyk häsiýetleri halk lukmançylygynda giňden ulanylyp gelinýär. Naryň adam bedenine berýän peýdasy hakynda aýdylanda, şireli şerbedi ýürek, gan basyş kesellerini, angina, asma we sary getirme kesellerini bejermekde, düzüminde kaloriýa az bolup, agramyna üns berýän adamlara, ganazlyk üçin hem şiresi gemoglobini köpeltmek üçin ulanylýar. Kosmetologiýada kollagen önümçiligi, deriniň täzelenmegini hem-de egzema keseli üçin naryň ýagy ulanylýar. Nar miwesiniň dänelerinden 1litr ýag almak üçin 500 kg miwe gerek bolýar. Nar ýagyndan ýasalan kosmetiki maskalar derini täzeleýär, iýmitlendirýär we derä ýygyrt düşmeginiň öňüni alýar. Naryň gülleriniň düzüminde reňk maddalary bolanlygy üçin, halk hojalygynda boýag hökmünde hem peýdalanylýar.

Elmira ROZUMOWA,
«Hazar» döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň laboranty.
Beýleki habarlar