“Saglyk” Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär

10 Oktýabr 2023
347

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişe üns merkezinde saklanylýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, keselleriň öňüni alyş we bejeriş çärelerini talabalaýyk ýola goýmak, ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär. Sagdynlygyň, gülläp ösüşleriň hem-de ruhubelentligiň mekany bolan Türkmenistan Watanymyzda ýurdumyz üçin uly baýlyk bolan adamyň jan saglygynyň goragyny ýokary derejä ýetirmek maksady bilen, özboluşly milli ýörelgäni emele getiren bu maksatnamanyň çäginde uly işler edildi. Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan bäri geçen ýyllaryň içinde ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de welaýat merkezlerinde işe girizilen häzirki zaman lukmançylyk merkezleri, onlarça sport - sagaldyş merkezleri, daşky gurşawy gorap saklamak, ilatly ýerleriň ekologik ýagdaýyny amatly derejä getirmek üçin döredilen bagçylyk zolaklary, seýilgähler, durky täzelenen şypahanalar, "Awaza" Milli syýahatçylyk zolagy bu gün dünýäde uly meşhurlyga eýe boldy.

Ýetilen öňegidişlikler bilen birlikde has belent sepgitlere tarap aýgytlylyk bilen ugur alynmagy Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýylsaýyn ösmegine aýdyň ýol açýar. Muňa Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň ýaşaýjylarynyň hem-de saglygy goraýyş işgärleriniň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde ajaýyp baýramçylyk sowgadyny peşgeş almaklary hem doly güwä geçýär. Dänew etrabynyň merkezinde “Bäş ýol” hususy kärhanasy tarapyndan durky täzelenen, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylan etrap hassahanasynyň döwrebap binalar toplumy dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Dänew etrabynyň ýaşaýjylaryna hyzmat etjek bu hassahanalarda keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek üçin ähli şertler döredilendir.

Beýleki habarlar