Bagtyýar durmuşyň gönezligi

10 Oktýabr 2023
400

Eziz Watanymyzda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek, sagdyn jemgyýeti berkarar etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenendir. Ynsanlaryň beden taýdan sagdyn bolmagy bagtyýar durmuşyň gönezligidir, ösüşiň möhüm şertidir. Garaşsyzlyk ýyllarynda saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasy döredildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgam toplumlaýyn ösdürilýär.

«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ýörelgä esaslanyp, paýtagtymyzda hem welaýatlarda häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap lukmançylyk merkezleriniň, saglygy goraýyş desgalarynyň, şypahanalaryň ençemesi gurlup, ulanylmaga berildi. lukmançylyk merkezleri dünýä belli, öňdebaryjy önüm öndürijileriň iň täze enjamlary bilen üpjün edilýär. Häzirki döwürde bejergi geçirmegiň döwrebap usullary ornaşdyrylýar, raýatlara dünýä lukmançylygynda bar bolan ýöriteleşdirilen hyzmatlaryň ähli görnüşleri hödürlenilýär. Bu bolsa ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça köpugurly işler amala aşyrylýar. Türkmen lukmanlary dünýä ýurtlarynyň esasy lukmançylyk merkezlerine okuwa yzygiderli ugradylýar. Saglygy goraýyş ulgamyna sanly ulgam hem işjeň ornaşdyrylýar. Sanly aragatnaşyk ulgamy uzak aralyga garamazdan, meýilnamalaýyn we tiz lukmançylyk kömegini bermek, şeýle-de keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak ulgamynda geňeşmeleri geçirmek, tejribe alyşmak üçin ýokary hünärli daşary ýurtly hünärmenleri çekmäge mümkinçilik döredýär.

Beýleki habarlar