Sagdyn ene — sagdyn perzent

10 Oktýabr 2023
388

Dürli reňkli şarjagazlardyr jäjekler bilen bezelip, ýüzüne: «Oglumyz boldy!», «Gyzym Bägül jan geldi!» diýen ýaly buşluk habarlary ýazylan toý ulagyny göreniňde ýürekden begenip, täze dünýä inen çagajyga uzak ýaş, berk jan saglyk arzuw edýärsiň. Ynha, ol ýene-de sanlyja minutlardan döwletli öýi dolduryp, ene-atasynyň durmuşyny egsilmez şatlyga beslär. Ol mähriban gujakda orun alyp, enäniň gyzgyn mährini duýup ýaşap başlar. Ýörjen-ýörjen bolup, dil çykaryp, maşgalanyň «altyn aşygyna» öwrüler. Soňra çagalar bagynda terbiýelenip, ak mekdebiň gapysyny kakar. Kärli-hünärli bolup, ýurdumyza, jemgyýetimize hyzmat edýän, kemally perzent bolup ýetişer. Onuň üçin, ilkinji nobatda, çaganyň sagdyn ösüp-ulalmagy zerur. Eziz Diýarymyzda bolsa, ýaş nesilleriň sagdyn bedenli, belent ruhly bolmaklary, olaryň sagdyn ösmekleri üçin dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.

Durmuşymyzyň güli, ömrümiziň manysy, dowamat dowamymyz bolan eziz çagalarymyz döwletimiz hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan atalyk aladalary bilen gurşalýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň,  «Sagdyn ene—sagdyn çaga—sagdyn geljek» atly 2021—2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň» hereket etmegi eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda, olara berilýän lukmançylyk kömekleriniň üznüksizligini üpjün etmekde örän uly ähmiýetlidir.

Enetäç KADYROWA,
Ahal welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany.
Beýleki habarlar