Sagdynlygyň gözbaşy

10 Oktýabr 2023
625

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz taryhy wakalara beslenip, olaryň buşlukçysy bolýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň abadançylygy, adamlaryň sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu günki günde ynsan saglygyny goramak, halkyň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek asylly ýörelgelere öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny hormatly Prezidentimiz mynasyp dowam edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi yzygider ösdürilýär, sporty ösdürmek meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Häzirki ajaýyp döwürde ynsan saglygy hakyndaky aladalar esasynda ýurdumyzyň sport ulgamyny ösdürmek işleri barha rowaçlanýar. Eziz Diýarymyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni durmuşa giňden ornaşdyrmakda, mukaddes topragymyzyň dermanlyk ösümliklerinden giňden peýdalanmakda asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär.

Haltäç ATABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar