Bagtyýarlygyň sakasy saglyk

10 Oktýabr 2023
456

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň saglygyny gorap saklamakda uly işler amala aşyrylyp, saglygy goraýyş ulgamy dünýä ülňülerine laýyk döwrebaplaşdyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlarynyň iş tejribesine giňden ornaşdyrylmagy netijesinde dürli keselleriň, aýratyn-da, ýokanç keselleriň öňi alynýar. «Türkmenistanda ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» tassyklanyp, onuň esasynda geljekde-de uly işler meýilleşdirilýär.

Lukmançylyk ulgamynda gazanylan üstünlikler we geljekde ýetilmeli sepgitler düýn, ýagny Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň ýurdumyzda giňden bellenip geçilen güni Söwda-senagat edarasynyň binasynda dabaraly açylan «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisinde bütin aýdyňlygy bilen şöhlelendi.

«Türkmen dünýäsi».
Beýleki habarlar