Saglyk – üstünlikleriň sakasy

10 Oktýabr 2023
326

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýola goýlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda adam saglygy hakynda edilýän alada ýurdumyzda möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bilşimiz ýaly, milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, parasatly başlangyjy bilen eziz Diýarymyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmekde düýpli işler amala aşyryldy we häzirki wagtda bu ugurda köp sanly işler durmuşa geçirilmegini dowam edýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan yglan edilen «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň çäklerinde döwletimiziň ähli künjeginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän köpugurly hassahanalar, saglyk öýleri, Gaýragoýulmasyz Tiz kömek merkezleri gurlup, ulanylmaga berildi. Saglyk ulgamyndaky bu täze desgalar ösen tehnikalar bilen üpjün edilip, adamlaryň saglygyny barlamakda, dürli görnüşli keselleri bejermekde uly mümkinçiliklere eýedir. Şeýle hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň mart aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň badalga bermeginde üç sany, ýagny Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Stomatologiýa we Halkara pediatriýa merkezleriniň düýpleriniň tutulyş dabaralary bolup geçdi. Ýene-de sanlyja ýyllardan bu merkezlerde agzybir halkymyz dünýäniň ösen lukmançylyk enjamlary arkaly saglyklaryny dikeldip, şypa taparlar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 29-njy iýuny her bir türkmenistanlynyň buýsançdan doly kalbynda müdimilik orun aldy. Çünki ol gün hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy toý-baýrama beslenip, Garaşsyzlyk ýyllarynyň taryhy senenamasyna altyn harplar bilen ýazyldy. Täze şäheriň açylyş dabarasynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi açylyp, ulanylmaga berildi.

Laçyn SAMMAKOWA,
«Bereketli toprak».
Beýleki habarlar