Sepgitde seresap boluň!

10 Oktýabr 2023
430

Möwsüm çalyşýan döwründe bedeniň kesellere garşy durup bilijilik ukyby peselýär, öňden bar bolan keselleriň ýitileşmegine şert döredýär. Bu bolsa adam bedeninde käbir özgerşlikleriň bolup geçmegine hem-de adamlaryň arasynda möwsümleýin döreýän ýiti respirator ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Ýiti respirator ýokanç keseli ýokary dem alyş ýollarynyň zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Ol kesel dörediji wiruslaryň köp görnüşi tarapyndan döredilip, wiruslar howa-damja ýoly bilen näsag asgyranda, üsgürende, golaý aralykda ýüzbe-ýüz gürleşilende, gündelik ulanylýan gap-gaçlaryň, çagalaryň oýnaýan oýunjaklarynyň üsti bilen beýleki sag adamlara ýokuşyp bilýär.

Bulardan başga-da, adamlar köp wagtyny ýelejiredilmeýän jaýlarda geçirmegi ýa-da otagyň penjirelerini, awtoulaglaryň aýnalaryny bir wagtda iki taraplaýyn açyp, şemalyň geçip, ýel çalanda, şeýle hem adamlaryň pasla görä geýinmeýänliklerinde kesel ýüze çykyp bilýär. Kesel bedeni gowşak, gartaşan adamlarda, çagalarda köp duş gelip, agyr geçýär. Şeýle hem olarda keselleriň gaýtalanyp durmagy ähtimaldyr. Sagdyn adamlar bu kesel bilen seýrek keselleýärler, kesellän halatlarynda hem olar tiz sagalyp gidýärler.

Güljan Bekiýewa,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň redaktory.
Beýleki habarlar