Derman üpjünçiligi — ilatyň sagdynlygynyň bähbidine

10 Oktýabr 2023
423

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeler, ýola goýlan giň gerimli işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli dowam etdirilýär.

Geçen döwürde ýurdumyzda saglygy goraýşyň ilkinji halkasy kämilleşdirilip, maşgala lukmançylygy girizildi. Saglyk döwlet ätiýaçlandyrmasy ornaşdyryldy, milli şypahana we derman senagaty ulgamlary döredildi. Daşary ýurtlardan getirilýän derman, saglyk maksatly serişdeleriň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek maksady bilen, täze, döwrebap derman kärhanalary gurlup, önümçilige girizildi. Bu kärhanalarda öndürilýän önümler bilen diňe bir öz ýurdumyzyň raýatlaryny üpjün etmek däl-de, eýsem, olaryň kesgitli bölegini daşary ýurtlara çykarmak boýunça-da işler alnyp barylýar. Dermanhanalarda raýatlarymyz lukmanlar tarapyndan bellenilen, degişli dermannamalar boýunça zerur bolan, ýokary hilli ýerli we daşary ýurt önüm öndürijileriň derman hem-de saglyk maksatly serişdeleri bilen ýeňillikli üpjün edilýär. Derman serişdeleriniň esasy gory döredilip, olar Baş dermanhana birleşiginiň ähli amatly şertler üpjün edilen, ýörite kesgitlenen gyzgynlyk-sowuklyk derejeli, awtomatlaşdyrylan we sanly ulgama birikdirilen ammarlar toplumynda saklanýar. Ýurdumyzyň dermanhanalary, halkara derejeli saglyk öýleridir hassahanalary ýeterlik serişdeler bilen bökdençsiz üpjün edilýär.

Kakageldi TÖRÄÝEW,
Baş dermanhana birleşiginiň baş direktorynyň orunbasary.
Beýleki habarlar