Türkmenistan «EKSPO – 2023 Doha» halkara sergisine gatnaşar

3 Sentýabr 2023
537

Adamzat asyrlaryň dowamynda tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň tarapdary bolup gelipdir. Daş-töweregimizi ýaşyl dünýä — bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini aýap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek her bir döwrüň öňe çykaran wajyp meseleleriniň biri bolupdyr. Bu babatda dünýä döwletleriniň köpüsinde düýpli işler amala aşyryldy we şol başlangyçlaryň dowamy halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň bir ugruna öwrüldi diýsek öte geçmeris.

Tebigaty goramak meselesi Garaşsyz Watanymyzyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda ýurdumyz dünýä möçberinde alnyp barylýan maksatnamalary doly goldap, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde oňyn başlangyçlary öňe sürýär. BMG-niň biologik köpdürlülik, çölleşmä garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak hem-de peýdalanmak, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakyndaky resminamalarynyň ýurdumyz tarapyndan tassyklanmagy alnyp barylýan köpugurly işleriň esasy ugurlarydyr. Ýurdumyzda bag nahallarynyň yzygiderli oturdylmagy we ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän täze tokaý zolaklarynyň döredilmegi bolsa howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly bütindünýä tagallalaryna mynasyp goşantdyr.

Taýýarlan: Bägül Berdiýewa,
«Biznes reklama».
Beýleki habarlar