Myhmansöýerlik bildirildi

4 Sentýabr 2023
473

1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň prezidenti M.Seçina bilen duşuşdy.

Iri sport guramasynyň ýolbaşçysy bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, täze şäheriň amatly ýaşaýşy, göwnejaý dynç alşy üpjün etmekde, ekologiýa abadançylygyny saklamakda ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýändigini belledi we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň enjamlaşdyrylyşyna, onda bilim almak, türgenleşik geçmek üçin döredilen şertlere ýokary baha berdi.

«Watan».
Beýleki habarlar