Çynar agajy

6 Dekabr 2022
1320

Biziň güneşli ýurdumyzyň çäginde ösýän çynar agajy özüniň berkligi, uzak ýaşaýanlygy bilen tapawutlanýar. Käbir ýurtlarda iki müň ýyldan gowrak ýaşy bolan çynar agajyna hem duşmak bolýar. Şeýle uzak möhlete çenli saklanyp galan bu daragtyň diňe göwrüminiň özüniň 12 metre ýetýändigi bellärliklidir. Alymlaryň çaklamagyna görä, çynar agajynyň iň gadymysy Türkiýede, Bosforyň golaýynda ösýär. 2300 ýyl ýaşy bar diýlip çaklanylýan bu çynaryň boýy 50 metrden geçýär.

Çynar agajy, esasan, Ýewraziýa yklymynda ýaýrandyr. Gündogar halklarynda bu agaja bolan hormat şeýle uly bolansoň, ir döwürlerde adamlar her çynar agajyna özboluşly at beripdirler. «Çynar» sözüniň asyl gelip çykyşy türki söz bolup, ol «belent», «uzyn» manylaryny berýär. Türki halklarynda bu agajyň adyny perzentlerine hem dakýarlar. Halkymyzda Çynar ady gyz maşgala dakylýar. Munuň özi halkymyzyň bu daragta bolan hormatynyň uludygynyň nyşanydyr.

Rejepmyrat HOJAMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.