Guşlaryň mesgeni

9 Noýabr 2022
658

Türkmenistanyň ajaýyp tebigaty özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe goraghanalaryň işini kämilleşdirmek boýunça giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi türkmen tebigatyny has-da gözelleşdirmäge ýardam edýär. Biz guşlaryň mesgeni bolan Kelif çäkli goraghanasynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, goraghananyň ylmy işgäri Umytjan Huseýinow bilen söhbetdeş bolduk. Ol şonda bu ýerdäki tebigatyň täsinlikleri barada şeýle gürrüň berdi:

— Kelif çäkli goraghanasy 1970-nji ýylda Türkmenistanyň gündogar böleginde gyşlaýan suw guşlaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, gorap saklamak, olaryň köpelmegine amatly şertleri döretmek maksady bilen döredildi. Onuň meýdany 103 müň gektara golaý bolup, ol Garagum derýasynyň sakasyndan 40 kilometr aşakda, Kelif kölleriniň çäginde ýerleşýär.