Tebigata söýgi döredýäris

13 Awgust 2021
1813

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesle tebigaty goramak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak barada düşünje bermekligiň uly ähmiýeti bar. Ekologiýa medeniýeti bilen baglanyşykly düşünje ýaş nesliň aňyna çagalykdan guýulmalydyr. Çagalar baglarynda terbiýelenýän körpelere ekologiýa medeniýeti, daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy gözellikleriň ähmiýeti dogrusynda sada we düşnükli dilde sapak berlende, çagalar şol terbiýe esasynda hem durmuş ýoluny dowam edýärler.

Biziň çagalar bagymyzda terbiýelenýän körpeler hem salkyn howaly pasyllarda gezelenje äkidilip, olara gözel tebigatymyz bilen baglanyşykly gürrüň berilýär. Ýurdumyzda daşky gurşawyň arassa bolmagyny gazanmak, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanyp, tebigatymyzyň gözelliklerini gorap saklamak, olary geljekki nesillerimize ýetirmek babatda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Bibisoltan TOÝLYÝEWA,
Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesindäki 8-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.