BAÝRAMÇYLYGYŇ JEMLEÝJI GÜNI

27 Oktýabr 2024
241

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe GahrymanArkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde merdana türkmen halkymyzyň milli gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek boýunça maksadalaýyk we tutanýerli işler durmuşa  geçirilýär.2024-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Toplumyň çäginde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden milli amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň, fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, neşir, haly, heýkeltaraşlyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergide halkymyzyň milli mirasy, döredijilik zehini öz beýanyny tapdy. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, itşynaslar, ugurdaş edaralaryň hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Toplumyň öňündäki meýdançada aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, tohum arassalygy saklanyp gelnen, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen alabaýlarymyz Ýer ýüzünde bar bolan tohum itleriň arasynda iň naýbaşylarynyň biridir. Halk seçgiçiligi esasynda döredilip, uzak ýyllaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnen türkmen alabaýlary halkymyzyň köňül guwanjydyr. Ynsan bilen türkmen alabaýynyň arasyndaky dostluk, wepadarlyk gatnaşyklary nusgawy eserlerimizde hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Ata-babalarymyz ajaýyp alabaýlarymyzda güýçlüligiň, batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň, wepadarlygyň ajaýyp nyşanyny görüpdirler. «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň we türkmen alabaýyna bagyşlanan döredijilik gözden geçirilişiniň jeminiň jemlenilmegi ynsanyň wepaly dostlarynyň şanyna geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň ýatdagalyjy wakalarynyň biri boldy. Synlaýyş meýdançasyna bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanyp alnan, ýurdumyzyň dürli sebitlerinden iň gowy alabaýlaryň 10-sy çykaryldy. Emin agzalaryna we tomaşaçylara alabaýlaryň atlary, olaryň ýaşy, nesil ugry, eýesi baradaky maglumatlar mälim edilýär. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykan alabaýlaryň hersi belli bir nesil ugruna degişlidir. Milli itşynaslygy ösdürmäge gönükdirilen bu bäsleşik alabaýlaryň tohum arassalygynyň saklanylmagyna ýardam berýär. Bäsleşige gatnaşdyrylýan alabaýlar eýeleriniň öwreden endiklerini tomaşaçylara görkezdi. Alabaýlaryň köp sanly janköýerleri olaryň ajaýyp daşky keşbi bilen birlikde, bäsleşigiň dowamynda görkezen başarjaňlygyna baha berdiler. Kinologyň ussatlygy iti päsgelçiliklerden geçmegine gönükdirmeginde jemlenýär. Şol päsgelçiliklerden geçilende, tizlik we takyklyk göz öňünde tutulýar. Bäsleşigiň netijelerini jemlemek hem-de eminler toparynyň çözgüdini yglan etmek pursady ýetip gelýär. Eminler toparynyň başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany S.Babaýewe söz berilýär. Ol bu ýere ýygnananlaryň adyndan ýurdumyzda itşynaslyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaýlary dünýä ýaýmakda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýlelikde, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Akguş atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Ony ösdürip ýetişdiren hem-de bu bäsleşige taýýarlan Aşgabat şäherinden hususy itşynas Resul Kerimow. Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — «Toyota Camry» kysymly ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy hem-de ol ýörite medal, göçme kubok, diplom bilen sylaglanyldy. Hususy itşynas gymmat bahaly sowgat we alabaýlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak babatda döwletimiz tarapyndan döredilýän giňmümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.