Ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýörelgesi

1 Awgust 2021
3099

Hormatly Prezidentimiz ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak meselesine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmegiň, raýatlarymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda: «Daşky gurşawy goramak we ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, biz häzirki döwürde sebit we dünýä ähmiýetli işleri amala aşyrýarys. Ekologiýa babatda kanunçylyk namalaryny yzygiderli kämilleşdirýäris» diýip belledi. Türkmenistanda döwlet ekologiýa syýasaty tebigaty goramaga, daşky gurşawyň arassalygyny üpjün etmäge, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmaga, biologik köpdürlüligi baýlaşdyrmaga hem-de çölleşme hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilendir.

Ekoulgamyň biodürlüligini goramak we dikeltmek, tokaýlyklary köpeltmek, topragyň, suw gorlarynyň rejeli peýdalanylmagy, milli ykdysadyýetiň önümçiligine innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşylmagy hem-de sebitiň ýurtlarynyň anyk çäreleri amala aşyrmak üçin jemlenmegi bu ugurdaky işleriň öňe ilerlemegini üpjün etdi. Bu meselelerden ugur alyp, «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bütewi Kanuny, «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ýerleriň meliorasiýasy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň döwletimizde ekologik ulgamda alnyp barylýan işleriň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy Ekologiýa Gaznasy hem-de beýleki abraýly halkara düzümler bilen bilelikde milli hem-de sebit derejesinde onlarça ekologiýa maksatnamalary we taslamalar durmuşa geçirilýär.

Meňli ANNAGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ekologiýa gözegçilik gullugynyň esasy hünärmeni.