Ekologiýa abadançylygy

9 Iýul 2021
1882

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi we maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklady.

Bu gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna batly gadamlar bilen barýan Türkmenistan döwletimiz sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygyny alyp barýan ýurt hökmünde tanalýar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklamak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Biziň ýurdumyzda BMG-niň «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň» möhüm ähmiýetli ugry, adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde ekologiýa aýratyn üns berilýär.

Ýolly NEPESOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň gözegçisi.