Maşgalanyň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy

9 Iýul 2021
1862

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Saglygyň gadyryn bilgil, hasta bolmazdan burun» diýip, örän jaýdar belläpdir. Hawa, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda asuda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän saglyk syýasatynyň düýp özeninden hem edil akyldar şahyrymyzyň şu sözleri eriş-argaç bolup geçýär. Sebäbi kesel bolmazdan öň sagdyn bedeniň, sagdyn ruhuň gadyryny bilip, «Kesel bolup bejergi alanyňdan, onuň öňüni alanyň ýeg» diýýän türkmen halkymyzyň dana pähim-paýhasyndan ugur alýan Arkadag Prezidentimiziň her bir tutumynda, amala aşyrýan il bähbitli işlerinde adamlaryň jan saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak ýaly päk niýetleriň, rowaç maksatlaryň durýandygy hakykatdyr.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlislerinde beren tabşyryklarynyň esasynda, daşary ýurtlarda ýüze çykan ýiti öýken sowuklama keselini dörediji täze koronawirus ýokanjynyň ýurdumyzyň çäklerine getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilmeli gaýragoýulmasyz wezipeler we wajyp çäreler kesgitlendi. Ýurdumyzyň dürli künjeginde täze gurlup, ulanylmaga berilýän saglyk öýleri, hassahanalar, ylmy-kliniki merkezler, sport desgalary we beýleki binalardyr desgalar, oba-şäherlerde ýaşaýan maşgalalara edilýän öňüni alyş sanjymlarydyr berilýän derman serişdeleri, lukmançylyk kömekleri, edara-kärhanalardyr jemgyýetçilik guramalarynda ynsan saglygyny goramaga gönükdirilen işler, wagyz-nesihat çäreleriniň yzygider geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň tabşyryklarynyň ählitaraplaýyn durmuşa geçirilýändiginiň şaýady bolup durýar.

Bibigül ÝAGŞYMÄDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky etrap prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.