Ekologiýa diplomatiýasy: halkara başlangyçlar, ösüş we netije

7 Iýul 2021
1931

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan özüniň batly gadamlary bilen ählitaraplaýyn durnukly ösüşe eýe bolýar. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan 2015-nji ýylda kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek öňde goýlan esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistan howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda milli, sebit we dünýä derejesinde işler ulgamlaýyn esasda yzygiderli alnyp barylýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, milli Liderimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan oňyn halkara başlangyçlaryndan gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda öňe sürýän başlangyçlary halkara giňişliginde uly goldawa eýe bolýar. Munuň şeýledigine Birleşen Milletler Guramasynyň taýýarlaýan hasabatlarynda beýan edilýän maglumatlar esasynda anyk göz ýetirýäris.

Feride MURADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.