Maşgala bagtyýarlygy — döwletiň baş wezipesi

7 Iýul 2021
1972

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletiň bir ülüşi hasaplanýan maşgalanyň abadançylygyny gorap saklamak, bagtyýarlygyny üpjün etmek babatda kanunalaýyk işler durmuşa geçirilýär. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, maşgala türkmen jemgyýetiniň özeni bolup durýar, maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet şonçada hemmetaraplaýyn baý bolýar. Biziň wezipämiz bolsa türkmen maşgalasynyň sütünlerini gorap saklamakdan we berkitmekden, onuň maddy üpjünçiligini gowulandyrmakdan ybaratdyr.

Maşgala jemgyýetiň durnuklylygyny, ykdysady we ruhy ösüşini kesgitleýän wajyp institutdyr. Döwlet onuň berkemegine we abadançylygyna ýardam etmek bilen, öz ösüşiniň esasy wezipelerini çözýär. Ynsan mertebesiniň maşgala çygrynda deňlik we birek-biregi hormatlamak esasynda üpjün edilmegi adam hukuklarynyň anyk durmuş, ykdysady we syýasy şertlerde iş ýüzüne geçirilmegine mümkinçilik berýän serişdedir. Maşgala gymmatlygy ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ýörelgeleriň esasynda has-da berkeýär. Ol maşgala gatnaşyklarynyň pugta bir maksatda jemlenmeginiň esasynda kemala gelýär. Maşgala, ilkinji nobatda, är-aýalyň arasyndaky bir-birege garaýyşlaryň birliginden örňäp, jemgyýetde sazlaşykly häsiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda maşgala gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny berkitmek boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän işler ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýar.

Altyn BEKIÝEWA,
Daşoguz şäher häkimliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň müdiri.