Türkmen sporty dünýä ýaýylýar

17 Fewral 2021
1641

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda şeýle at bilen welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi bilen bilelikde wagyz-nesihat çäresini geçirdik. «Ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzda ýaş nesliň saglygyny goramak döwletiň ileri tutýan wezipeleriniň birine öwrüldi. Ýaşlaryň ýurdumyzda bolup geçýän ösüş-özgerişlere mynasyp goşantlaryny goşmagy, ýaramaz endiklerden daşda durup, sport bilen meşgullanmagy üçin döredilýän şert-mümkinçiliklere nazar aýlanyňda, hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatynyň rowaçlyklara beslenýändigine göz ýetirýärsiň» diýip, çykyş edenler bellediler. Sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň mekanyna öwrülen ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar geljegi ugrunda uly aladalary edýän mähriban Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Şeýle mazmundaky wagyz-nesihat çäreleri welaýat ýörite sungat, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw, Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdeplerinde hem geçirildi.

Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,
TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary.