Dost-doganlygyň ýoly

31 Ýanwar 2021
1855

Häzirki zaman dünýäsinde parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur derwaýyslyklaryň biridir. Biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan bu ýörelgeler taryhyň bütin dowamynda hyzmatdaşlygyň hem ösüşiň möhüm şertine öwrülip gelýär. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk — bularyň ählisi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän daşary syýasat taglymatynda, 2021-nji ýyl üçin saýlan — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda öz beýanyny tapýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň öňe süren teklibi esasynda kabul eden «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasy muny nobatdaky gezek subut etdi.

Bu Kararnamada bellenilişi ýaly, parahatçylyk diňe bir gapma-garşylyklaryň bolmazlygy däl-de, köp tarapyň gatnaşmagyna esaslanýan oňyn, okgunly ösüşdir, onda netijeli gepleşikler goldanylýar. Eziz Diýarymyzyň daşary syýasat ugry hem-de öňe sürýän başlangyçlary ählumumy parahatçylygyň berkidilmeginiň bähbidine dürli ýurtlar we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar. 2021-nji ýylyň şygary türkmen halkynyň milli ýörelgelerine hem-de taryhy we medeni dessurlaryna kybap gelýär. Bu şygar häzirki döwürde parahatçylyk dörediji döwletimiziň okgunly ösüşiniň esasyny düzýär, ol şeýle hem ýurdumyzyň ynsanperwerlik ýörelgeleri bilen berk baglanyşyklydyr.

Gülşirin GULMANOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 6-njy orta mekdebiň mugallymy.