Adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi

29 Ýanwar 2021
1837

AŞGABAT, 28-nji ýanwar (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe süren başlangyçlaryndan hem-de degişli ugurda pudagara toparyň işini kämilleşdirmek babatda beren tabşyryklaryndan ugur almak bilen, adam hukuklaryny üpjün etmek hem-de halkara ynsanperwer hukugyň kadalaryny durmuşa geçirmek barada döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýerine ýetirmeli işleriniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.